Ulanyjy şertnamasy we şahsy maglumatlary işleme syýasaty
1. Umumy şertler
1.1.Bu şertnama ulanyjylaryň https://ayterek.com.tm hyzmatyny ulanmaklarynyň şertlerini kesgitleýär.
1.2.Bu Ulanyjy şertnamasynyň maksatlary üçin aşakda getirilen adalgalar indiki manyny berýändirler:
1.2.1.Hyzmat – https://ayterek.com.tm salgysy boýunça Internet torunda ýerleşýän Internet-serişde (saýt), saýta dürli operasion ulgamlaryň esasyndaky goşmaçalar we beýleki hyzmatlar, saýtyň, goşmaçalaryň we beýleki hyzmatlaryň programma üpjünçilikleri, dizaýny (grafiki işlemeler), maglumat gory, hyzmatlaryň islendik bölümi (bölümçe), mundan başga-da, Administrasiýa we Ulanyjylar tarapyndan hyzmatlarda ýerleşdirilen maglumatlar.
1.2.2.Administrasiýa — “Ajaýyp tilsimatlar” Hususy Kärhanasy, hasaba durma belgisi 25507556, salgysy Köpetdag etraby, Parahat 2/4 ýaşaýyş toplumy, 2 jaý, Aşgabat, Türkmenistan bolan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda hasaba alnan we hereket edýän bolup, Hyzmatyň administrirlenme işlerini geçirýär we Hyzmata aýratyn eýeçilik hukuklaryny elinde saklaýandyr.
1.2.3.Ulanyjy — bu şertnamanyň şertlerini kabul eden we Hyzmatyň hyzmatlaryny ulanýan işe ukyply fiziki ýa-da hukuk şahsy.
1.2.4.Şahsy otag (akkaunt) – ulanyjy tarapyndan gurnalan, Ulanyjynyň maglumatlarynyň we daşky giňişliginiň sazlamalarynyň jemidir. Islendik ulanyjynyň diňe bir şahsy otagy bolýar.
1.2.5.Ulanyjynyň şahsy maglumatlary – ulanyjynyň Hyzmatda hasap ýazgysyny döredende ýa-da ulanma prosesinde özüniň üpjün edýän maglumatlar ýa-da maglumatlaryň jemidir. Muňa ulanyjynyň şahsy maglumatlary hem degişlidir. Hyzmatyň ulanylma prosesinde Administrasiýa awtomatiki geçirilýän maglumatlar hem muňa degişli bolara, ol maglumatlar IP-salgy, cookie maglumatlary, Ulanyjynyň brauzeri hakyndaky maglumatlar we Ulanyjy hakyndaky beýleki maglumatlar.
1.2.6.Materiallar – Ulanyjy ýa-da Administrasiýa tarapyndan Hyzmatda ýerleşdirilen islendik maglumat/kontent.
1.2.7.Spam — mahabat, habar berme, agitasiýa ýa-da beýleki häsiýetli rugsat berilmedik ýa-da/we ulanyjylar tarapyndan garaşylmaýan poçta we beýleki ýollamalar.
1.2.8.Önüm – bu harytlar, işler, hyzmatlar, material-tehniki serişdeler we beýleki material hem-de material däl obýektler.
1.2.9.Bu şertnamanyň taraplary – Administrasiýa we Ulanyjy.
1.2.10.Tölegli hyzmatlar – Hyzmat tarapyndan Ulanyja (Müşderä) bu şertnama hem-de tölegli hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky teklip-ylalaşygy tarapyndan göz öňünde tutulan, edilýän hyzmatlar.
1.2.11.Müşderi – Ylalaşyk hem-de tölegli hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky teklip-ylalaşygy tarapyndan ýa-da Hyzmat we Müşderi arasynda ýerine ýetirilen hususy ylalaşyklar tarapyndan göz öňünde tutulan şertler bilen Tölegli hyzmatlary sargyt eden Ulanyjydyr.
1.2.12.Werifikasiýa – Ulanyjy tarapyndan werifikasiýa sahypasynda görkezilen telefon belgisine Administrasiýa tarapyndan iberilen SMS bilen iberilen werifikasiýa koduny degişli meýdanda girizmek ýoly bilen amala aşyrylýan Ulanyjynyň barlanylmagydyr.
1.3.Bu şertnamada ulanylýan we “Adalgalar we kesgitlemeler” punktynda görkezilmedik islendik adalgalar we düşünjeler Ulanyjy şertnamasynyň tekstindäki manysyna görä düşünüler. Ulanyjy şertnamasynda ulanylýan adalganyň ýa-da kesgitlemäni düşündirme babatynda islendik düşünişmezlikler ýüze çykan ýagdaýynda Administrasiýa tarapyndan kesgitlenilýän düşündiriş kabul edilýär.
1.4.Hyzmatyň materiallarynyň we hyzmatlarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň normalary we bu şertnama tarapyndan barlanylýar.
1.5.Bu şertnama umumy teklip bolýar.
1.6.Hyzmatyň hyzmatlaryny ulanmak bilen, Ulanyjy bu Ylalaşyga degişli bolýar (ony kabul edýär) we Hyzmatyň hyzmatlaryny ulanmak boýunça görkezmeleri berjaý etme borçlaryny we şertlerini kabul edýär.
1.7.Hyzmat kompaniýanyň adyndan ulanylýan ýagdaýynda kompaniýa bu Ylalaşygy we onuň şertlerini kabul edýändir.
1.8.Ulanyjy bu şertnamanyň şertlerine razy gelmeýän ýagdaýynda Hyzmata elýeterliliginden el çekmeli we hyzmatlaryndan peýdalanmagy bes etmelidir.
1.9.Şeýlelik bilen, Administ Ulanyjylara Hyzmatyň hyzmatlaryny ulanmak bilen mahabatlary ýerleşdirme we gözleme mümkinçiliklerini hödürleýär.
1.10.Aýratyn hyzmatlaryň üpjün edilmegi ýörite kadalar we / ýa-da ylalaşyklar, şol sanda tekliplar, tarapyndan barlanylýandyr.
1.11.Ulanyjy Hyzmatyň ähli materiallarynyň hem-de hyzmatlarynyň we olaryň islendik böleginiň mahabat bilen gelýänligini kabul edýär. Ulanyjy Administrasiýanyň bu mahabatlar babatynda jogapkärçilik çekmeýänligini kabul edýändir. Ulanyjy munuň ýaly mahabat babatynda Administrasiýa nägilelik bildirmeýär.
1.12.Hyzmatda hasaby açmak meýletindir. Hyzmatda hasap açylan ýagdaýynda ulanyjy Hyzmatyň goşmaça hyzmatlaryna elýeterlilik gazanýar. Adminsitrasiýanyň Ulanyjydan hasap ýazgysyny açanda girizen maglumatlary tassyklamaklygy we tassyklaýjy resminamalary ibermekligi talap etme hukygyny saklaýar.
1.13.SMS-werifikasiýa. Administrasiýanyň islendik wagt Ulanyjyny SMS-werifikasiýa üsti bilen barlamaga hukugy bardyr. Ulanyjy werifikasiýany geçmedik ýagdaýynda, Administrasiýa Hyzmaty ulanma mümkinçiliklerini gadagan edip ýa-da çäklendirip bilýändir. Ýagny, mahabatlary ýerleşdirme, redaktirleme, täzeleme we ş.m. amallar çäklendirilýär. Werifikasiýa edilmeli ulanyjylar Administrasiýa tarapyndan saýlanylýar. SMS-werifikasiýa bilen tassyklanan ulanyjylaryň ähli Şahsy otaga/akkaunta girmek üçin telefon belgisini hasap açylanda görkezilen paroly girizmek bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.
1.14.Ulanyjy Hyzmatyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin diňe öz elektron poçtasyny we parolyny ulanmalydyr. Ol parol balansy ulanmaga hem mümkinçilik berýändir. Ulanyjy öz parolyny gizlinlikde saklamaga borçly bolmak bilen, onuň ulanylmagy bilen bagly amallar we Ulanyjynyň Şahsy otagynda ýerine ýetirilýän amallar babatynda jogapkärçilik çekýändir. Ulanyjy öz Şahsy otagyna rugsat edilmedik elýeterlilik gazanylanlygyna düşünende öz parolyny özbaşdak çalşmaklyga borçlydyr.
1.15.Administrasiýa Ulanyjylar tarapyndan hasap ýazgysy döredilende ýa-da girilende üpjün edilýän maglumatlaryň dogrylygyny barlamak üçin ýörite tehniki çözgütleri ulanmaga hukuklydyr.
1.16.Administrasiýa Ulanyjynyň Hyzmatda hasaba durlanda üpjün eden maglumatlarynyň dogrylygyna ýa-da Ulanyjynyň hakykylgyna güwä geçip bilýän däldir.
1.17.Ulanyja Hyzmatda elýeterli bolan ähli gurallary ulanmak arkaly kontragentler bilen habarlaşmak maslahat berilýär.
1.18.Administrasiýa bu şertnamanyň şertlerini bozýan Ulanyjynyň hyzmatlara elýeterliligini bes etmäge hukuklydyr.
1.19.Administrasiýa Ulanyjy beýleki şahslaryň hukuklaryny ýa-da kanunçylygy bozan halatynda we beýleki sebäplerden Ulanyjynyň elýeterliligini çäklendirmäge ýa-da bes etmäge hukuklydyr.
1.20.Hyzmatlara elýeterliligi bes edilen ulanyjy, ýa-da maglumatlary hereket etmeýän ulanyjy Administrasiýanyň ýörite rugsady bolmazdan gaýtadan hasap ýazgy döretmäge hukugy bolmaýar. Munuň ýaly Ulanyjy beýleki Ulanyjynyň hem maglumatlaryny Hyzmata we onuň hyzmatlary elýterlilik üçin ulanyp bilýän däldir.
2. Hyzmatyň ulanylmagy. Mahabatleriň ýerleşdirilmegi
2.1.Administrasiýa Hyzmatda hasap ýazgysyny döreden ähli Ulanyjylaryna mahabat ýerleşdirmäge hukuk berýändir.
2.2.Ulanyjy intellektual eýeçilik, awtor ýa-da şoňa baglanşykly hukuklaryň pudagynda Türkmenistanyň kanunçylygyny ýa-da halkara hukuklaryny bozýan hereketleri, ýa-da Hyzmatyň durnukly işleýşine zyýan ýetirip biljek hereketleri etmezlige razy bolýandyr.
2.3.Harytlar babatyndaky ähli geleşikler Ulanyjylaryň arasynda gönümel alnyp barylýar. Administrasiýa Ulanyjylaryň Hyzmatyň kömegi bilen geçirýän geleşiklerinde gatnaşyjy ýa-da araçy bolýan däldir. Administrasiýa munuň ýaly geleşikler babatynda jogapkärçilik çekmeýär (şol sanda Harytlaryň barlygy, hiline we eltip berilmegine).
2.4.Teswirler, hatlar we Ulanyjynyň Hyzmatdaky beýleki ýazgylary kanunçylygyň talaplary hem-de umumy kabul edilen ahlak kadalaryna garşy gelmeli däldir.
2.5.Ulanyjy onuň Hyzmatda ýerleşdirilip bilinýän daşky serişdelere girmek we ulanmagy babatynda Administrasiýanyň jogapkärçilik çekmeýänligi hakynda habarlydyr. Administrasiýa mahabatlaryň düzümi, beýleki serişdelere salgylanmalar we mahabatlaryň beýanynda görkezilen beýleki maglumatlar babatynda jogapkärçilik çekýän däldir.
2.6.Administrasiýanyň Ulanyjy tarapyndan üpjün edilýän mahabatlary we maglumatlary çap etme hukugyny almaklygy üçin, Ulanyjy Administrasiýa maglumatlary, şekilleri, maglumat gorlarynyň hem-de Ulanyjy tarapyndan üpjün edilýän islendik beýleki maglumatlary ulanmak, ýaýratmak, çap etmek, ýygnamak, gaýtadan işlemek, görkezmek, nusgalamak, okamak üçin doly hukuklary berýändir. Ýokarda sanalyp geçilen hukuklar Administrasiýa garşysyna hiç zat talap edilmezden berilýär. Ulanyjy özüniň ýerleşdiren maglumatlaryna elýeterlilik hukuklaryny Hyzmatyň ähli Ulanyjylaryna berýändir. Munuň bilen bir hatarda, özüniň Hyzmatda ýerleşdiren maglumatlaryna intellektual eýeçilik boýunça islendik hukuklary saklaýandyr.
2.7.Administrasiýa Ulanyjy tarapyndan Hyzmatda islendik maglumatlaryň berilmegi bilen bagly üçünji şahslaryň hukuklary bozmagy babatynda jogapkärçilik çekýän däldir.
2.8.Hyzmatyň Ulanyjysy mahabatlary Hyzmatyň görkezmelerine laýyklykda ýerleşdirmäge we Haryt hem-de onuň satylmagy hakynda doly we dogry maglumatlary üpjün etmäge borçlydyr. Ulanyjy mahabatda Haryt hakynda görkezilen ähli maglumatlary barlamaga borçly bolmak bilen, doly däl ýa-da ýalňyş maglumatlar ýüze çykarylan ýagdaýynda ol maglumatlary düzetmeli we doldurmalydyr.
2.9.Önümli mahabaty ýerleşdirmek bilen, Ulanyjy şol Haryt babatynda mahabatda görkezilen amallary ýerine ýetirmäge hukugynyň barlygyny tassyklaýar we güwä geçýändir.
2.10.Ulanyjy Haryt üçin ähli gerekli hukuklara, şahadatnamalara we rugsatlara eýedigini, maglumatlara, şol sanda ähli patentleri, haryt belgilerini, täjirçilik syrlary, intellektual eýeçilik hukuklaryna eýedigini ýa-da üçünji şahslaryň atlaryny, şekillerini we obýektlerini ulanmak üçin razylygyna, şahadatnama we ýa-da rugsadyna eýedigine güwä geçýär we tassyklaýar. Şahadatnamalaşdyrylmaly ýa-da beýleki rugsatlary alynmagy gerek bolan Harytlary hödürleýän mahabat çykarylanda, mahabatyň beýanynda şahatdanamanyň/rugsadyň belgisi we ol şahatdanamany/rugsady beren edaranyň ady görkezilmeli.
2.11.Hyzmat Ulanyjydan ýerleşdirilen Haryt we Haryt hakynda getirilen maglumatlar babatynda tassyklaýjy ýa-da goşmaça maglumatlaryň getirilmegini talap etmäge hukuklydyr. Mundan başga-da, Hyzmat munuň ýaly resminama ýa-da maglumatlar üpjün edilýänçä mahabatyň çykarylmagyny duruzyp bilýändir.
2.12.Ulanyjy Hyzmatda eýeçiliginde bolan islendik Harytlary kanunçylyk tarapyndan ýörite rugsat talap edilen ýagdaýynda şol rugsady bar bolsa we Hyzmatda ulanyş kadalaryny berjaý eden halatynda ýerlemäge hukuklydyr. Emma raýat aýlanşygyndan çykarylan obýektleri ýerlemäge hukugy ýokdur.
2.13.Hyzmatyň ýokary hilli hyzmat etmekligini üpjün etmek üçin Administrasiýa Ulanyjynyň Hyzmatdaky işjeň mahabatlarynyň sanyny çäklendirmäge hukuklydyr. Mundan başga-da, Administrasiýa Ulanyjynyň Hyzmatdaky amallaryny çäklendirmäge hukuklydyr.
2.14.Ulanyjy tarapyndan mahabatda görkezilýän Haryt beýany şol Harydyň satyş şertleri bolup durýandyr.
2.15.Eltip berme şertleri mahabatda görkezilen Harydyň beýanyna goşulyp bilinýändir.
2.16.Mahabatda görkezilen harydy ýerleme şertleri we beýleki şertler Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna we bu ylalaşyga hem mahabat goýlan wagtynda hem-de geljekde garşy gelmeli däldir. Islendik mahabat Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da bu Ylalaşyga üýtgeşmeleriň girizilmegi netijesinde garşy gelýän ýagdaýa gelse, onda mahabata hem degişli üýtgetmeler girizilmelidir. Degişli üýtgetmeleri girizmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda munuň ýaly mahabat Ulanyjy tarapyndan pozulmalydyr. Bu punktda görkezilen ýagdaýlar ýüze çykanda Administrasiýa Ulanyja öňünden habar bermesi şol mahabatlary redaktirlemek ýa-da pozmak hukugyny özünde saklaýandyr.
2.17.Hyzmatda çykarylmasy Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän, umumy kabul edilen ahlak kadalaryna garşy gelýän, kemsidiji ýa-da ýerliksiz bolan hemde üçünji şahslaryň hukuklaryny bozýan mahabatlaryň neşir edilmegi gadagandyr. Ulanyjy Harydyň hödürlenmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna we bu şertnamanyň şertlerine garşy gelmeýänligine güwä geçmelidir.
2.18.Tölegli hyzmatlaryň ulanylmagy mahabatyň bu şertnamanyň şertleri bozulan halatynda Administrasiýa tarapyndan blok edilmejekdigini kepillendirýän däldir. Ýerleşdirme kadalary bozulan halatynda tölenen hyzmatlar üçin geçirilen pul serişdeleri yzyna gaýtarylmaýar.
2.19.Mahabatda harytlary we hyzmatlary ýerlemek ýa-da beýleki maglumatlary saklaýan internet-saýtlarynyň sahypalaryna salgylanmalary goýmak gadagan.
2.20.Ulanyjy indikiler tarapyndan üpjün edilýän hyzmatlara goldaw bermezlige we ýaýratmazlyga borçludyr:
2.20.1.beýleki internet meýdançalary, internet-auksionlar we ýa-da internet-dükanlary;
2.20.2.Hyzmatda getirilen harytlary we hyzmatlary şol ýa-da pes baha hödürleýän beýleki serişdeler;
2.20.3.Hyzmatda satuwy gadagan bolan harytlary we hyzmatlary hödürleýän beýleki hyzmatlar.
2.21.Ulanyjy Administrasiýanyň rugsady bolmazdan Hyzmata elýeterlilik gazanmak üçin awtomatiki programmalary ulanmazlyga borçlydyr. Administrasiýanyň ýazuwly rugsady bolmazdan mahabatlary ýerleşdirme tertibini geçip mahabatlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän kompýuter programmalarynyň ulanylmagy gadagandyr.
2.22.Mundan başga-da, Ulanyjy indikileri ýerine ýetirmäge borçly bolýandyr:
2.22.1.Hyzmatyň infrastrukturasyna ýokary ýüklenmä getirip biljek amallary ýerine ýetirmezlik;
2.22.2.Administrasiýanyň öňünden ýazuwly rugsady bolmazdan Hyzmatda saklanýan maglumatlary nusgalamazlyk, döretmezlik, üýtgetmezlik we paýlaşmazlyk;
2.22.3.Hyzmatyň işini bozmazlyk, Hyzmata elýeterliligi çäklendirmek ýa-da bozmak maksady bilen awtomatiki ulgamlaryň we prosesleriň işine päsgelçilik döretmezlik;
2.23.Ulanyja bu Ylalaşygy ýa-da üçünji şahslaryň hukugynyň bozulmagy bilen maglumatlary üpjün etmek gadagan edilýär. Ulanyjy tarapyndan üpjün edilen maglumatlar we onuň Hyzmatda ýerine ýetirýän amallary indikileri etmeli däldirler:
2.23.1.ýalňyş, takyk däl, ýalňyşdyryjy bolmaly däl;
2.23.2.gödek, kemsidiji sözleri öz içine almaly däl;
2.23.3.kezzaplyga, aldaw ýa-da ynamyň bozulmagyna ýardam etmek;
2.23.4.ogurlanan ýa-da galp predmetler bilen geleşikleriň geçirilmegi;
2.23.5.üçünji şahsyň eýeçiligini, täjirçilik syryny ýa-da onuň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligini bozmak;
2.23.6.islendik adamyň abraýyny ýa-da mertebesini kemsidýän maglumatlary saklamak;
2.23.7.beýleki şahslaryň razylygy bolmazdan olar hakynda şahsy we tanadyjy maglumatlary saklamak;
2.23.8.islendik birine garşy töhmet ýa-da haýbatly maglumatlary saklamak;
2.23.9.jenaýatyň edilmegine, şeýle hem etniki ýigrenjiň döremegine çagyrmak;
2.23.10.terrorçylyk we ekstremistik hereketleri öňe sürmek, goldamak ýa-da çagyrmak;
2.23.11.biabraý ýa-da pornografiýa maglumatlary saklamak;
2.23.12.kompýuter wiruslaryny we beýleki, hususan-da zyýan ýetirmäge, rugsatsyz çozuşa, islendik ulgamyň maglumatlarynyň gizlin saklanmagyna ýa-da ýerleşdirilmegine, ulgamyň özüne ýa-da bir bölegine, ýa-da şahsy maglumatlara ýa-da beýleki maglumatlara (şol sanda Hyzmatyň maglumatlary) kompýuter programmalaryny öz içine almak;
2.23.13.kämillik ýaşyna ýetmediklere zyýan ýetirmek;
2.23.14.ahlaksyz hasaplanýan hyzmatlar, jelepçilik ýa-da ahlak kadalaryna ýa-da Kanuna ters gelýän maglumatlary öz içine almak;
2.23.15.kompaniýanyň hyzmatlary bilen bäsleşýän saýtlar barada salgylanmalary ýa-da maglumatlary öz içine almak;
2.23.16.“spam”, “bagt hatlary”, “piramida shemalary” bolan ýa-da islenilmeýän ýa-da ýalan täjirçilik mahabatlaryny saklaýan maglumatlary saklamak;
2.23.17.belli bir harydy ýa-da hyzmaty hödürlemezden mahabat materiallaryny saklamak;
2.23.18.üçünji taraplaryň intellektual hukuklaryny, raýaty suratlandyrmak hukugyny we üçünji taraplaryň beýleki hukuklaryny bozmak;
2.23.19.kanunçylygy başga şekilde bozmak.
2.24.Ulanyja beýleki Ulanyjylaryň atlaryna meňzeş atlary, özüni şol Ulanyjylar hökmünde görkezip we olaryň adyndan hat ýazmak üçin, ulanmak gadagan edilýär.
2.25.Ulanyja Hyzmatda mahabat, Hyzmatda ýa-da Ulanyjynyň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň bozulmagyna sebäp bolup biljek hyzmatlardan peýdalanmak, mahabat ýerleşdirmek ýa-da geleşik etmek gadagan.
2.26.Administrasiýa Ulanyjy tarapyndan görkezilen usuldan üýtgeşik usulda Hyzmatda mahabaty ýerleşdirilen Harydy mahabatlandyrmaga hukuklydyr. Emma munuň bilen bir hatarda, Harydyň hödürlenmesinde kemçilik bolmaly däldir.
2.27.Administrasiýanyň Hyzmat tarapyndan dolandyrylýan ýa-da dolandyrylmaýan tehniki sebäplere görä islendik Harydyň görkezilme möhletini tamamlamak, süýşürmek ýa-da uzatmak üçin hukuga eýedir.
2.28.Administrasiýa islendik mahabatyň görkezilmegini Ylalaşykda görkezilen kadalar bozulan halatynda, beýleki Ulanyjylaryň hukuklaryny bozýan ýa-da hereket edýän kanunçylygy bozulan halatynda ýa-da beýleki sebäplerden bes etmäge hukuklydyr. Mundan başga-da, Administrasiýa bu şertnamada getirilen kadalary bozýan Ulanyjynyň Şahsy otagyny blok etmäge ýa-da pozmaga ukyplydyr.
2.29.Adminisrasiýa mahabatlary redaktirlemäge, olary başga bölümlere geçirmek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Ulanyjylaryň mahabatlary bilen islendik beýleki amallary geçirmäge hukugy bar.
2.30.Administrasiýa sebäp görkezmezden mahabatlaryň çykarylmagyna rugsat bermezlige hukuklydyr.
2.31.Mahabatlary düzmek boýunça talaplar Hyzmatyň “Umumy kadalar” bölüminde mahabatlary çykarma kadalarynda bellenendirler.
2.32.Ulanyjy Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda mahabatlaryň düzümi (we Ulanyjy tarapyndan Hyzmatda ýerleşdirilen beýleki maglumatlar) babatynda doly jogapkärçiligi çekýändir.
3. Tölegli hyzmatlar
3.1.Ulanyjylar Hyzmatda Tölegli hyzmatlary sargyt edip bilerler
3.2.Tölegli hyzmatlaryň görnüşleri, häsiýetnamalary, bahasy we sargyt tertibi hakyndaky maglumatlary https://ayterek.com.tm/paid-features salgysy boýunça ýerleşdirilen tölegli hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky Teklip ylalaşykda ýa-da Hyzmat we Müşderileriň arasyndaky aýratyn ylalaşyklarda görkezilendir. Olar hem https://ayterek.com.tm/paid-features salgysy boýunça ýa-da Ulanyjynyň Şahsy otagynda ýerleşdirilýär. Mundan başga-da, ol maglumatlar Hyzmatyň beýleki sahypalarynda hem-de Administrasiýa tarapyndan Hyzmatda görkezilen kontaktlar boýunça berlip bilner.
3.3.Tölegli hyzmatlar https://ayterek.com.tm/privacy-police salgysy boýunça ýerleşdirilip, Administrasiýa tarapyndan bu şertnamanyň, Teklip ylalaşygyň şertleri esasynda ýa-da Hyzmat we Müşderiler arasyndaky aýratyn ylalaşyklar boýunça edilýär.
3.4.Tölegli hyzmatlary üpjün etmek hakynda Teklip ylalaşygy baglaşmagyň ýa-da Müşderi bilen aýratyn Ylalaşygy baglaşmagyň şertleri.
3.4.1.Aýratyn ylalaşyk Müşderi bilen onuň talaby boýunça we diňe Müşderi telekeçilik işiniň subýekti bolanda, hyzmatlar üçin tölegi nagt däl görnüşde gönümel Hyzmatyň hasabyna töleg hyzmatlaryny ulanmazdan ýa-da Hyzmatyň dolandyryş kassa maşyny bolmazdan geçirýän bolsa baglaşylýar. Munuň ýaly Müşderi we Hyzmat arasyndaky aýratyn ylalaşyklar boýunça hasap-fakturalar we beýleki gerekli resminamalar düzülýär. Aýratyn ylalaşyk baglaşylanda Tölegli hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky teklip ylalaşyk, https://ayterek.com.tm/privacy-police salgy boýunça ýerleşdirilip, munuň ýaly Müşderä degişli bolmaýar we aýratyn baglaşylan ylalaşyk boýunça üpjün edilýän Hyzmatyň hyzmatlarynyň bahasy ähli tölenmeli salgytlar we ýygymlary goşmak bilen artdyrylýar we aýratyn ylalaşykda taraplar tarapyndan kesgitlenilýär.
3.4.2.https://ayterek.com.tm/ru/privacyPolicy salgysy boýunça ýerleşdirilen Tölegli hyzmatlaryň üpjün edilmegi boýunça Teklip ylalaşygy boýunça tölegli hyzmatlar Hyzmat tarapyndan Müşderä hyzmatlar Müşderi telekeçilik işiniň subýekti bolmadyk we / ýa-da töleg hyzmatlarynyň kömegi bilen Tölegli hyzmatlary töleýän bolsa ýa-da tölegi Hyzmatyň barlag kassa maşynyny ulanmak bilen edýän bolsa üpjün edilýär. Tölegli hyzmatlary sargyt etmek bilen Müşder bu şertnamanyň şertlerinden başga tölegli hyzmatlary üpjün etmek boýunça, https://ayterek.com.tm/privacy-police salgysy boýunça ýerleşýän, Teklip ylalaşygynyň şertleri bilen hem ylalaşýandyr. Tölegli hyzmatlaryň edilmegi hakyndaky Teklip ylalaşygy kabul edilende Hyzmat tarapyndan hasaplar we hasap-fakturalar berilmeýär.
3.5.Elektron balansyň kömegi bilen Hyzmatyň Ulanyjysy Ulanyjynyň galyndy serişdeleri, hyzmatlary satyn alma taryhy hakyndaky maglumatlary alyp bilýändir. Ulanyjynyň balansy bank hasaby açmazdan pul serişdelerini geçirmek ýa-da elektron pullar bilen hasaplaşmak üçin niýetlenen elektron töleg serişdesi bolup durmaýar. Ulanyjy balansyny, maglumatlary Hyzmatda elýeterli bolan, özi üçin amatly bolan islendik usullar arkaly dolduryp biler.
Ulanyjynyň balansynda görkezilen serişdeler guramalaryň harytlary / hyzmatlary, şeýle hem Hyzmatyň beýleki ulanyjylarynyň harytlary / hyzmatlary üçin töleg serişdesi hökmünde ykrar edilmez we ulanylyp bilinmez. Hyzmat elektron pullary doldurmak, saklamak we geçirmek üçin Ulanyjynyň balansyny gönüden-göni ulanmaýar.
Şeýle hyzmatlar, degişli şertnamalar baglaşan we degişli kanunlara laýyklykda şeýle işleri amala aşyrmak üçin ähli zerur rugsatlar we ygtyýarnamalary bolan aýratyn kontragentler (banklar ýa-da töleg hyzmatlary) tarapyndan üpjün edilýär.
Ulanyjy hasaby dolduranda ýa-da Ulanyjynyň serişdeleri bilen başga hereketleri edeninde, Hyzmat awtomatiki usulda Ulanyjyny şeýle töleg hyzmatlarynyň sahypalarynyň web sahypalaryna iberýär.
Degişli ýagdaýlarda, Ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny ýygnamak we gaýtadan işlemek (Ulanyjynyň bank hasaplary, bank (töleg) kartlary baradaky maglumatlary goşmak bilen) şu Gizlinlik ýörelgesi bilen däl-de, şeýle töleg hyzmatlarynyň gizlinlik ýörelgeleri bilen dolandyrylar.
Hyzmat Ulanyjynyň bank hasaplary, banky we töleg kartalary we Ulanyjy, banklar we töleg ulgamlary tarapyndan saklanýan beýleki maliýe maglumatlary (Hyzmatyň Ulanyjy şertnamasynda we şu Gizlinlik ýörelgelerinde görkezilen maglumatlardan başga) ýygnamaýar, saklamaýar ýa-da başgaça işlemeýär. Ulanyjy, Ulanyjynyň balansynda görkezilen maglumatlaryň we beýleki şahsy maglumatlaryň üçünji taraplara mälim edilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
3.6.Tölegli hyzmatyň awtomatiki tertipde uzadylmagy.
3.6.1.Balans.
Ulanyjy tarapyndan işjeňleşdirilen Tölegli Hyzmatyň möhleti gutarandan soň, Ulanyjy hasabynyň degişli sahypasynda awtomatiki täzeleniş opsiýasy saýlanylsa, Hyzmat şeýle Tölegli Hyzmatyň üpjünçiligini awtomatiki usulda täzeleýär.
Tölegli hyzmaty awtomatiki täzelän mahaly, Hyzmat Ulanyjynyň balansyndan Ulanyjy tarapyndan saýlanan Tölegli hyzmatyň bahasynyň mukdaryny awtomatiki usulda alýar. Awto-täzeleniş, Ulanyjy tarapyndan şeýle hyzmat işjeňleşdirilen Tölegli hyzmat möhleti gutarandan ertesi gün amala aşyrylýar.
Tölegli hyzmatyň soňraky täzelenmegi, şol bir şertde we hyzmatyň işjeňleşdirilen şertlerinde amala aşyrylýar. Täzelenmeleriň sany çäklendirilmeýär we ähli serişde Ulanyjynyň balansyndan çykarylýança ýa-da awtomatik täzeleniş opsiýasy ýapylýança amala aşyrylýar.
Tölegli hyzmat täzelenen mahaly, balansyň galyndysyndaky serişdeler Ulanyjy tarapyndan saýlanan Tölegli Hyzmatyň möhletini uzaltmak üçin ýeterlik däl bolsa, hyzmat mukdaryna görä belli bir wagta çenli uzaldylýar. Ulanyjynyň balansynyň galyndysynda. Balansyndaky serişdeler gutaransoň, Tölegli hyzmat ýapylýar.
Ulanyjy, Tölegli hyzmat sahypasyndaky degişli opsiýany ýapmak bilen, tölegli hyzmatyň awtomatiki täzeleniş opsiýasyny islendik wagt öçürmäge hukuklydyr. Bu ýagdaýda Ulanyjy awtomatiki täzelenme opsiýasyny öçürenden soň, Tölegli Hyzmat Tölegli Hyzmatyň soňky işjeňleşmesi gutarmanka işjeňleşdiriler.
Tölegli hyzmaty awtomatiki usulda täzeläninde, Hyzmat bank kartlaryndan we / ýa-da Ulanyjynyň hasaplaryndan serişdeleri aýyrmaýar. Tölegli hyzmatyň awtomatiki täzelenmegi, diňe Hyzmatda ýerleşýän Ulanyjy balansyndaky serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Aragatnaşyk
4.1.Ulanyjy Administrasiýanyň Ulanyjylara e-poçta we / ýa-da gysga habarlary (SMS habarlary) e-poçta salgylaryna ýa-da görkezilen telefon belgilerine (Ulanyjy Hyzmatdan peýdalanmagy bes edeninden soň) ibermek hukugynyň bardygyna düşünýär, kabul edýär we razylaşýar.
4.2.Hyzmat habarlary Hyzmatda goýlup bilner.
4.3.Şol bir wagtyň özünde, Ulanyjy şeýle hatlaryň we habarlaryň bolup biljekdigine düşünýär, kabul edýär we ylalaşýar: beýleki Ulanyjylardan geleşik baglaşmagy teklip edýär, başga bir maglumat we / ýa-da mahabat häsiýetli teklipleri we habarlary we beýleki habarlary . Ulanyjy şeýle habarlaryň we / ýa-da olaryň aýry-aýry bölekleriniň mahabat häsiýetine eýe bolup biljekdigine düşünýär, kabul edýär we razylaşýar, şeýle hem olaryň käbir bölekleri mahabat, maglumat we beýleki bildirişleri öz içine alyp biler.
4.4.Hyzmatda çykarylan habarlar, çykarylan pursadyndan Ulanyja gowşurylýar.
4.5.Administrasiýa, beýleki ulanyjylar ýa-da awtomatlaşdyrylan ulgamlary (robotlary) tarapyndan habar ibermek üçin Hyzmatda ýerleşdirilen formanyň ulanylmasy babatynda jogapkärçilik çekmeýär.
4.6.Administrasiýa Ulanyjynyň Hyzmatyň sahypalarynda ýerleşdiren belgilerini beýleki Ulanyjylar we / ýa-da robotlar tarapyndan ulanylmagyna jogapkärçilik çekmeýär.
4.7.Ulanyjy, Ulanyjylara hat we habar ibermek maksady bilen administrasiýanyň e-poçta salgylaryny we telefon belgilerini üçünji taraplara geçirmäge hukugynyň bardygyny tassyklaýar.
4.8.Ulanyjynyň Hyzmatyň Dolandyryşy ýa-da moderatorlary bilen hat alyşmagy Hyzmatda görkezilen elektron poçta gutusy, şeýle hem beýleki aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar.
4.9.Ulanyja moderatorlaryň we Administrasiýanyň Hyzmatdaky hereketleri (şol sanda kemsidiji ýazgylary goşmak bilen) barada islendik teswir, diskussiýa we beýleki ýazgylary goýmak gadagandyr. Ýogsam, Hyzmat Dolandyryşy şeýle Ulanyjynyň Şahsy Kabinetini (hasabyny) blokirlemäge ýa-da pozmaga haklydyr.
4.10.Ulanyjy islendik wagt degişli haýyş iberip, telefon belgisine ýa-da e-poçta salgysyna habar almakdan ýüz öwrüp biler.
5. Intellektual eýeçilik
5.1.Hyzmatda ulanylýan ähli programmalar, maglumatlar, söwda bellikleri, awtorlyk hukuklary we beýleki zatlar, hukuk eýeleriniň intellektual eýeçiligi bolup, intellektual eýeçilik kanunlary bilen goralýar.
5.2.Administrasiýa, sahypanyň ýerleşýän domen adynyň, sahypanyň özi, ykjam programmalar, Hyzmat tarapyndan döredilen maglumat bazalary (Hyzmat ulanyjylarynyň maglumatlar bazasyny goşmak bilen), şeýle hem ähli Hyzmat we Hyzmatyň ähli programma üpjünçiliginiň ýeke-täk eýesidir.
5.3.Programma üpjünçiligi ýüklenende Administrasiýa Ulanyja üçünji şahslara geçirmezden programma üpjünçiligini ulanmaga şahsy mugt aýratyn bolmadyk rugsatnama berýär.
5.4.Munuň ýaly rugsatnama Ulanyja diňe Hyzmatyň hyzmatlaryndan peýdalanmak we olardan Hyzmatyň funksiýalaryna laýyklykda girdeji gazanmak üçin niýetlenendir.
5.5.Administrasiýanyň intellektual eýeçiliginiň (şol sanda programma üpjünçiligini) islendik bölegini ýa-da dolulygyna kärendä bermek, çalşmak, ýerlemek, ýaýratmak, üýtgetmek ýa-da nusgalamak gadagan edilýär. Mundan başga-da, Administrasiýanyň ýazgyly rugsady bolmazdan programma üpjünçiliginiň başlangyç koduny almaga ýa-da “döwmäge” synanşmak gadagandyr.
Hyzmatyň bir bölegi bolup, Administrasiýa degişli elementleri, nyşanlary, tekstleri, grafikalary, programmalary, maglumat bazalaryny we beýleki zatlary islendik görnüşde ulanmak, şu Ylalaşykda rugsat berlenlerden başga, Administrasiýa ýa-da beýleki hukuk awtorlyk hukugynyň eýesiniň rugsady bolmazdan ulanmak bikanundyr we kazyýet işine getirip biler we kanunlary bozýanlary raýat, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilmeklerine getirip biler.
6. Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi. Adatdan daşary ýagdaý
6.1.Ulanyjy tarapyndan Hyzmatda görkezilen ähli maglumatlar (şahsy maglumatlary goşmak bilen) Harytlaryny satmak üçin Ulanyjy tarapyndan iberilýär. Ulanyjy tekst ýazgysynyň, maglumatlaryň girizilmegi we degişli blankalary doldurmagyň dogrulygy üçin jogapkärdir.
6.2.Ulanyjy bu ýa-da beýleki maglumatlary diňe öz bähbidi goýýar, şol sanda Ulanyjy bilen aragatnaşyk gurmagy we / ýa-da Ulanyjynyň şahsyýetini kesgitlemek üçin.
6.3.Ulanyjy özi hakda maglumat ýerleşdirmek bilen, şular ýaly maglumatlaryň Hyzmatda köpçülige hödürlenýändigine düşünýär we razy bolýar, ýagny Hyzmatyň islendik myhmanlaryna ýa-da ulanyjylaryna gözden geçirmek üçin elýeterligine razy bolýar.
6.4.Ulanyjy internetdäki galplyklar, şeýle hem Ulanyjy tarapyndan maglumatlaryň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly ähli töwekgelçiliklere düşünýär we göz öňünde tutýar, şol sanda çäklendirilmeýär: spam habarlaryny ibermek üçin sanawlara e-poçta salgysynyň girizilmegi töwekgelçiligi, E-poçta salgysynyň dürli aldawçylara poçta iberilmegi, SMS spamçylaryna we / ýa-da SMS aldawçylaryna telefon belgisini almak töwekgelçiligi we şeýle maglumatlaryň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly beýleki töwekgelçilikler.
6.5.Administrasiýa Haryt babatynda geleşikleriň gurnaýjysy, araçysy, alyjysy ýa-da satyjy däldir.
6.6.Hyzmat, Ulanyjylar tarapyndan geleşikleriň gutarmagy we ýerine ýetirilmegi, ýitgileri, ýitirilen girdejileri, girdejileri, maliýe ýitgileri ýa-da geleşikleriň netijesinde ýüze çykan gytaklaýyn, hakyky, tötänleýin ýa-da islendik şahsyň bikanun hereketleri netijesinde ýüze çykan jeza çykdajylary üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.7.Hyzmatyň hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen, Ulanyjy Hyzmatdan öz islegi bilen peýdalanýandygyny we Hyzmatda ýerleşdirilen mahabatlary ulanmak bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri öz üstüne alýandygyny tassyklaýar.
6.8.Hyzmat, Ulanyjylara Türkmenistanyň kanunlary, şu Ylalaşyk we Hyzmatdan peýdalanmagyň beýleki düzgünleri bilen rugsat berlen Harytlar bilen baglanyşykly mahabat ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän guraldyr.
6.9.Administrasiýa, Ulanyjylar tarapyndan goýlan mahabatlary elmydama barlamaýar, netijede Harytlaryň hili, howpsuzlygy, kanunylygy we düşündirişine laýyklygy, şeýle hem satyjynyň satmak we alyjynyň Harytlary satyn almak mümkinçiligi hemişe Hyzmatyň gözegçiliginde bolmaýar.
6.10.Administrasiýa ulanyjy tarapyndan mahabatlarda ýerleşdirilýän maglumatlaryň hakykylygyny barlap bilýän ddäldir.
6.11.Hyzmatdan peýdalanmak bilen, Ulanyjy Hyzmatlary öz töwekgelçiliginde we "bolşy ýaly" howp astynda ulanýandygyny tassyklaýar. Ulanyjy Hyzmatda ýerleşdirilen mahabatlaryň we maglumatlaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly ähli töwekgelçiliklere baha berýär we jogapkärçilik çekýär, we Administrasiýa, şol sanda işgärler we agentler Hyzmatda ýerleşdirilen mahabatlaryň we maglumatlaryň mazmuny, Hyzmatda ýerleşdirilen mahabatlaryň we maglumatlaryň ulanylmagy netijesinde dörän zyýanlar we ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.12.Administrasiýa, onuň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Hyzmatyň goldaw hyzmaty, islendik habarlaryň mazmuny üçin (Ulanyjylar poçta gutusy we / ýa-da jübi telefony arkaly alnan habarlary, şeýle hem dürli üçünji tarap habarçylaryny ulanmak bilen) jogapkärçilik çekmeýärler we Ulanyjynyň Hyzmatda ýerleşdirilen aragatnaşyk maglumatlarynyň üçünji taraplarynyň ulanmagy, şeýle hem Ulanyjylaryň maglumatlaryny başga biriniň ulanmagy we şeýle maglumatlaryň ulanylmagy netijesinde dörän zyýanlar we ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär. Diňe ulanyjy şeýle habarlardaky maglumatlaryň ulanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.
6.13.Ulanyjy Hyzmatda mahabatyň ýerleşdirilmeginiň islendik Harydyň hakyky ýa-da kanunydygyny tassyklaýan däldir. Geleşigiň amala aşyrylmagy hakyndaky karary Ulanyjynyň özi kabul edýär.
6.14.Kanun tarapyndan rugsat edilen derejede Hyzmatyň islendik talaplar üçin umumy jogapkärçiligi, Hyzmatyň hyzmatlaryny ulanmak ýa-da (Hyzmatyň islegi boýunça) Ulanyja bu hyzmatlary täzeden bermek üçin Ulanyjynyň tölän mukdary bilen çäklenýär.
6.15.Ulanyjy, Ulanyjy bilen beýleki Ulanyjylar we / ýa-da Hyzmatyň myhmanlarynyň arasyndaky ähli jedelleriň (amallaryň netijesinde hem) Ulanyjy tarapyndan Administrasiýa gatnaşmazdan özbaşdak çözülmegine razy bolýar.
6.16.Administrasiýa, üçünji taraplaryň Hyzmatyň hyzmatlaryna we / ýa-da Administrasiýanyň rugsady bolmazdan (/ rugsady) we / ýa-da habary bolmazdan amala aşyrylan Ulanyjylar baradaky maglumatlara (şahsy maglumatlary goşmak bilen) jogapkärçilik çekmeýär.
6.17.Ulanyjy, Hyzmatyň mazmuny bilen baglanyşykly we / ýa-da Ulanyjy tarapyndan edilen amallaryň netijesinde awtorlyk hukugy babatynda jogapkär däldigini we Ulanyja göni ýa-da gytaklaýyn borçnamalarynyň ýokdugy bilen ylalaşýar. Hasaba alyş we Hyzmatda bar bolan harytlar ýa-da hyzmatlar ýa-da Hyzmatda ýerleşdirilen maglumatlary ulanmaga giren Ulanyjynyň beýleki aragatnaşyklary baradaky maglumatlaryna hem Administrasiýa jogapkärçilik çekmeýändigine hem razy bolýar.
6.18.Administrasiýa, programma üpjünçiliginiň näsazlyklary, bozulmalar we beýleki tehniki we programma üpjünçiligi problemalary, şeýle hem Hyzmat ýa-da Hyzmat arkaly üçünji taraplar tarapyndan geçirilip bilinjek ýalňyşlyklar, programma üpjünçiligi wiruslary we ş.m. üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.19.Ulanyjy diňe ulanylýan kanunlara we şu Ylalaşyga laýyklykda hereket etmegi, şeýle hem Hyzmatda eden hereketleri we hereketsizligi üçin we Hyzmatyň hyzmatlaryndan peýdalananda kanuna laýyklykda doly jogapkärçiligi öz üstüne alýar.
6.20.Hyzmatyň başga bir ulanyjysy (intellektual eýeçilik obýektini bikanun ulanmak we ş.m.) Ulanyjynyň hukuklary bozulan halatynda, hukuklary bozulan Ulanyjy degişli şikaýat bilen Administrasiýa ýa-da moderatorlara ýüz tutup biler. Administrasiýa şikaýata seredýär we delillendirilen bolsa, administrasiýa Ulanyjynyň hukuklarynyň bozulmagyny duruzmak üçin çäreleri görmäge hukukly bolýar.
6.21.Administrasiýa, mahabatda ýerleşdirilen Harytlaryň howpsuzlygy we kanuny "arassalygy" we amallar geçirilende Ulanyjylaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.
6.22.Şu Ylalaşyk boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi üçin Taraplaryň ikisi-de jogapkärçilik çekmez, şeýle borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi Gijikdirilse ýa-da Taraplaryň gutaranda öňünden görüp bilmedik kynçylyklary sebäpli bozulyp biler.
Şeýle ýagdaýlar: ýer titremesi, suw joşmalary, ýangynlar, beýleki tebigy betbagtçylyklar, ýaragly çaknyşyklar we gatyşmalar, terrorçylyk hereketleri, bidüzgünçilikler, raýat tolgunyşyklary, iş taşlaýyşlar, kanunçylygyň üýtgemegi, döwlet edaralarynyň kararlary we durmuşa geçirilýän şertnamasynyň şertlerine laýyklykda taraplara gönüden-göni täsir edip biljek beýleki ýagdaýlar.
7. Şertnamanyň möhleti
7.1.Bu şertnama Ulanyjy Hyzmatyň hyzmatlaryndan peýdalanyp başlan pursadyndan, hasaba durma ýa-da mahabaty goýmagyna garaşsyz ýagdaýda, güýje girýär we möhletsiz tertipde işleýär.
7.2.Ulanyjynyň, Administrasiýa öňünden duýdurmazdan we sebäplerini düşündirmezden, Hyzmatda hasabanyny birtaraplaýyn tertipde ýatyrmaga hukugy bar.
7.3.Administrasiýa tarapyndan Ulanyjy bilen şertnama indiki ýagdaýlarda bozulýar:
7.3.1.Ulanyjy tarapyndan şu Ylalaşygyň we / ýa-da kanunlaryň bozulmagy, Hyzmat ýa-da Administrasiýa, şol sanda abraýy kemsidiji ýa-da Hyzmatyň beýleki ulanyjylary üçin islendik zeper ýetmegine sebäp bolanda;
3.3.2.Hyzmatyň ýa-da Administrasiýanyň ýörelgelerine garşy gelýän amallaryň ýerine ýetirilmegi;
7.4.Ulanyjy şu Ylalaşygyň, Teklip şertnamasynyň, Administrasiýa tarapyndan Hyzmatda ýerleşdirilen we Ulanyjy tarapyndan kabul edilen we / ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň kadalary, ahlak we ahlak kadalaryny bozan ýagdaýynda, Hyzmat Ulanyjynyň girişini ýatyrmak hukugyna eýe bolýandyr. Hyzmatlara girişi bes edilen ýa-da maglumatlary güýji bes edilen Ulanyjynyň gaýtadan hasaba alynmaga hukugy ýok we bu Ulanyjynyň Hyzmatlara girmek üçin başga bir Ulanyjynyň şahsyýet maglumatlaryny ulanmaga hukugy ýok. Hukuk gatnaşyklary diňe administrasiýa degişli karar bereninden soň dikeldilip bilner.
8. Şertnama üýtgetmeleriň girizilmegi
8.1.Hyzmatda administrasiýa tarapyndan berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, kanunyň talaplaryny berjaý etmek we üýtgeýän bazar şertlerine jogap bermek üçin bu şertnama administrasiýa tarapyndan birtaraplaýyn tertipde üýtgedilip we üsti ýetirilip bilner. Ylalaşygyň täze wersiýasy ýa-da Administrasiýanyň gatnaşýan beýleki goşmaça resminamalary başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Ylalaşygyň täze wersiýasy internetde ýerleşdirilen pursatyndan güýje girýär.
8.2.Ulanyjy Şertnama girizilen üýtgetmeler bilen razy bolmadyk ýagdaýynda ol Hyzmata elýeterliligini bes edip, Hyzmatyň ulanylmagyny bes etmäge borçludyr.
9. Beýleki şertler
9.1.Bu Şertnamanyň taraplarynyň arasynda jedeller ýüze çykan ýagdaýynda olar meseläni gepleşikler arkaly geçrimäge borçlydyrlar. Bu Şertnama ýerine ýetirilende Hyzmat tarapyndan hyzmatlar üpjün edilende ýüze çykýan jedeller hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çözülmelidirler.
9.2.Ähli jedeller babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy ulanylýandyr. Bu Şertnama babatynda, bu Şertnamadan gelip çykýan Taraplaryň gatnaşyklary babatynda Türkmenistanyň kanunçylygy hereket edýändir.
9.3.Administrasiýa bir taraplaýyn tertipde we Ulanyjylara habar bermezden bu Şertnamany üýtgetmäge hukuklydyr. Şertnamanyň täze neşiri Hyzmatda çap etme senesinden başlaýandyr.
9.4.Şertnamada hiç bir ýagdaý Ulanyjy we Administrasiýanyň arasynda agent gatnaşyklarynyň, Dostluk gatnaşyklarynyň, umumy iş boýunça gatnaşyklar, şahsy iş gatnaşyklarynyň, ýa-da Şertnama tarapyndan gönümel göz öňünde tutulmadyk beýleki gatnaşyklaryň gurulmagy hökmünde düşünilip ýa-da beýan edilip bilinmeýändir.
9.5.Kazyýet tarapyndan Ylalaşygyň islendik düzgüniniň nädogry ýa-da güýje girip bilmejekdigi ykrar edilmegi, Ylalaşygyň beýleki düzgünleriniň güýjüniň ýitirilýänligini aňlatýan däldir.
9.6.Administrasiýa tarapyndan Ulanyjylaryň biri Şertnamanyň ýagdaýlaryny bozan halatynda hiç bir hereketiň edilmezligi Administrasiýanyň öz Şertnamanyň düzgünlerini ulanyjylaryň haýsydyr biri tarapyndan bozulan halatynda Administrasiýa tarapyndan hereketsizlik, administrasiýany soňraky bähbitlerini we hukuklaryny goramak üçin degişli çäreleri görmek hukugyndan mahrum etmeýär.
9.7.Şu Ylalaşykda göz öňünde tutulmadyk beýleki ähli şertler aýratyn tertipde düzgünleşdirilýär.
Ulanyjy bu Şertnamanyň ähli ýagdaýlary bilen tanyşanlygyny we olary şertsiz doly göwrümde kabul edýänligini tassyklaýar.