Umumy düzgünler.

Şu bölüm https://ayterek.com.tm/privacy-police. serwisiň Ulanyjy ylalaşygynda umumylaşdyrylan bölümini öz içine alýar we funksional mümkinçilikleri we serwisiň kadalary barada düşündirişli gysga maglumaty saklaýandyr. Serwisiň kadalary bilen doly tanyşmak isleýän bolsaňyz siz şuny Ulanyjy ylalaşygy salgylanmasyna geçip ýerine ýetirip bilersiňiz.

Serwis ulanyjylaryň özleri tarapyndan döredilýän bildirişlerini çap etmek üçin niýetlenendir, muňa baglanyşykly serwisiň ýolbaşçylygy haryt barada çap edilýän maglumatlaryň, suratlaryň, bahalaryň we başga maglumatlaryň jogapkärçiligini çekmeýändir.

1. Şahsy hasap (akkaunt) döretmek

1.1.Serwisi ulanyp başlamak üçin Siz ilki bilen hasaba alynmaly. Şahsy hasabyň we bildirişleriň döredilmegi goşmaçada bolşy ýaly, saýtda hem mümkindir (ŞK we ykjam görnüşde). Serwisde bellige alyş meýletin bolup durýandyr. Ýolbaşçylyk her hili pursatda Ulanyjyny SMS – barlagy arkaly barlama haky bardyr. Şu barada siz doly Ulanyjy ylalaşygynda okap bilersiňiz.

1.2.Awtorlaşdyrmadan soň SMS kodyň kömegi bilen size iş otagyň ähli funksionaly elýeterli bolar, onda bolsa siz öz bildirişleriňizi, tölegleri, hyzmatlary we ş.m. dolandyryp bilersiňiz.

1.3.SMS kody gije-gündiziň dowamynda 3 gezekden köp bolmadyk ýagdaýda sorap bolýar.

1.4.Siziň Şahsy iş otagyňyzdaky bildirişler aktiw bolanlara we arhiw edilenlere bölünýändir. Aktiw bolanlar bölüminde bolan bildirişler serwisiň ulanyjylaryna görkezilmesi üçin elýeterdir. Siz öz bildirişleriňizi arhiw edip bilersiňiz, düzedip bilersiňiz ýa-da aýyryp bilersiňiz. Belli toparlar boýunça bir ulanyjy üçin döredip biljek bildirişleriň sany çäklendirilendir.

2.Bildirişiň möhleti we dikeldilişi

2.1.Bildirişi ýerleşdirme möhleti çap edilme güninden 2 aýdyr, şu möhlet gutarandan soň ol Arhiw edilen statusyna geçýändir. Belli bildirişi gaýtadan döretmezlik üçin siz ony gaýtadan aktiw edip bilersiňiz.

2.2.Möhleti gutaran bildirişi gaýtadan dikeltmek gaty aňsatdyr. Haçan-da siz bildirişi arhiw edeniňizde ýa-da onuň hereket etme möhleti gutarjak bolanda, möhletiň gutarandygy barada size puş duýdurmasy ugradylýar, siziň email-salgyňyza salgylanma ugradylýar – ony dikeltmek üçin, şu salgylanma boýunça geçmeli we “Dikeltmek” düwmesine basyň ýa-da muny Şahsy iş otagynda ýerine ýetirip bolýar.

2.3.Möhleti geçen bildirişi onuň möhleti gutaran purstyndan 50 güniň dowamynda dikeltmek mümkindir.

3.Bildirişleri ýerleşdirmegiň talaplary

3.1.Her bir bildiriş bir harydyň teswirlemesini öz içine almalydyr. Eger-de siz birnäçe harydy satýan bolsaňyz, onda her bir haryda siz aýratyn bildiriş döredip bilersiňiz.

3.2.Teswirleme başga çeşmeleriň ýa-da sosial ulgamlaryň gatnaşykdaky şahslaryny ýa-da çykgytlary öz içine almaly däldir.

3.3.Umumy mahabat häsiýetli ýa-da anyk teklibi bolmadyk bildirişleriň berilmegine ygtyýar berilmeýär. Diňe anyk harytlar barada. Mahabat maglumatyny içine alýan, bildirişleriň ýerleşdirilmesi gadagandyr, şonuň ýaly hem şu barada mahabatyň:

- internet – çeşmeleri (portallar, sosial ulgamlar, tanyşlyk saýtlary we ş.m.)

- telekeçilik (dükanlar, kompaniýalar) we harytlaryň, hyzmatlaryň we bahalaryň assortimentiň sanamalary. Mysal üçin, “Biziň dükan sagat 9-dan 20-ä çenli dynç alyş günsiz işleýär” ýa-da “Şularyň ählisini we başga birnäçelerini siz Kemine köç. 35 salgysy boýunça taparsyňyz”, şu barada siz doly Ulanyjy ylalaşygynda okap bilersiňiz.

4.Baha

4.1.Hakyky bahany görkeziň, şertli bolany dälde, şunuň ýaly, “1 manat”, “2 manat” we ş.m. Şertli bahalar ylalaşyk bahasyna üýtgediler.

4.2.Bildiriş çap edilende degişli bolan ýerde bahany görkeziň. Bahany at ýerinde görkezmäň.

5.Suratlar

5.1.Harydyň ýokary hilli suratlaryny etmäge çalyşmaly, şonuň ýaly bildirişleri köplenç suratsyz bolanlardan 2-3 gezek köp seretýärler. Käbir toparlarda surat sany çäklendirilen bolup biler.

5.2.Harydyň diňe hakyky suratlaryny ýükläň. Internetdäki suratlardan peýdalanmaň. Telefon belgili, salgyly ýa-da sosial ulgamlara çykgytly suratlar aýyrylar.

5.3.Suratlary gowy yşyklandyrmada düşüriň.

6.Aragatnaşyk maglumaty (kontakt)

6.1.Aragatnaşyk maglumatlaryny degişli bolan çäklendirilen ýerlerde görkezmek gerekdir.

6.2.Aragatnaşyk maglumataryny atlandyrmada, suratda ýa-da teswirlemede görkezmäň.

6.3.Bildiriş döredilende siz şahsy aragatnaşyk maglumatyny awtorlaşdyrmada ulananyňyzy görkezip bilersiňiz. Şu ýagdaýda serwis tarapyndan degişli telefon belginiň dogrylamasy ýerine ýetiriler we bildiriş görkezilende döredilende görkezilen telefon belgisi görkeziler.

6.4.Şäher telefon belgisini ýeke kompaniýalar goşup biler. Eger-de siz hususy şahsyýet bolsaňyz, ykjam belgileriňizi ulanyň.

7.Bildirişleriň nusgalary

7.1.Bildirişleriň nusgalaryny çap etmäň – ähli nusgalar aýyrylar.

7.2.Nusga diýenimizde, bir ulanyjydan eýýam bar bolan bildirişiň manysyny gaýtalaýan ýa-da nusga hökmünde ýerini tutýan göz öňüne getirilýändir.

7.3.Aýry şahsy hasaplardan çap edilen meňzeş bildirişler nusga hökmünde kabul edilýärler we deaktiwasiýa edilýärler.

7.4.Umumy topar sanawynda bildirişleriň ýokary galdyrylmasy maksady bilen emeli ýagdaýda düzedilende (möhüm bolmadyk düzedişli) bildiriş nusga hökmünde kabul edilýär. Meňzeş manipulýasiýalary görülen bildirişler gaýtadan dikeltme haky bolman deaktiwasiýa edilýärler.

7.5.Hiç bir tölegli ýa-da tölegsiz Serwisiň hyzmatlary bildirişleriň nusgalaryny Ulanyjy tarapyndan çap etme hakyny bermeýärler.

8.Işe kabul etme baradaky bildirişler

8.1.Hökmany ýagdaýda iş haýsy kompaniýanyň adyndan teklip edilýän bolsa şonuň adyny görkeziň.

8.2.Hökmany ýagdaýda şu bildirişde teklip edilýän iş ýeriniň adyny görkeziň.

8.3.Doly ýagdaýda işgäre bolan jogapkärçiligi we talaplary, şonuň ýaly hem teklip edilýän iş şertlerini beýan ediň.

8.4.Hilegärlikde çaklanan bildirişler aýyrylar.

8.5.Özünde nädogry maglumaty getirýän iş ýerleri baradaky bildirişler çap edilmeýändir. Torly marketingiň iş ýerlerini başga iş ýerleri görnüşinde çap edýän şahsy hasaplar öňünden duýduryş bolmazdan blokirlenýändir. Torly marketingiň iş ýerleriniň bildirişleri hökmany ýagdaýda degişli bolan toparda anyklama bilen şunuň torly marketing bolandygy bilen ýerleşdirilmelidir.

8.6.Iş bilen üpjün edýän agentlik tarapyndan ýerleşdirilen iş ýeriň bildirişiniň teswirlemesinde bu agentligiň ady görkezilmelidir.

9.Şu aşakdaky häsiýetli işler barada bildirişleriň çap edilmesine rugsat berilmeýär

9.1.Şübheli iş teklipleri, şol sanda Internet ulgamynda fiziki salgylaryň we göni gatnaşykdaky şahslaryň (hemmesi üçin iş, öýde elektron poçtanyň işlenmesi, maýa goýmasyz iş we şuňa meňzeş).

9.2.Gijeki klublarda; web-modeller; gorag-hyzmaty; nika agentliklerinde terjimeçi – gyzlar; öýde syýagalamlaryň ýygnama iş teklipleri;

9.3.Agentlik işiniň (bankyň agenti), başga agzalaryň, subagentleriň, subdistribýuterleriň ýygnamasyny talap edýän söwda ýa-da başga bir işiň wekilçiliginiň teklibi, fond bazarlarynda, treýder işinde (Foreks – treýding, MMCIS we şuňa meňzeş) zähmet hakyň teklibi bilen maglumat.

9.4.Françaýzing teklibi bilen maglumat.

9.5.Kompaniýanyň adyny görkezmän we hünär türgenligine bolan talaplar bilen iş teklipleri.

10. Umumy ýagdaýlar

Ýolbaşçylyk adyndan serwis Ulanyjy ylalaşygynyň kadalarynyň esasynda bildirişleri kabul etmezlige, aýyrmaga, düzeltmäge hakyna eýedir. Şu barada duýdurmalar size elektron poçtadan ugradylar ýa-da push duýdurma görnüşinde bolar. Şu barada maglumat şahsy iş otagynda elýeter bolar.

Harytlar bilen baglanyşykly ähli geleşikler Ulanyjylar arasynda gös-göni ýerine ýetirilýändir. Ýolbaşçylyk Serwisiň üsti bilen Ulanyjylaryň arasynda baglaşylýan geleşikleriň gatnaşyjysy we/ ýa-da araçysy däldir. Ýolbaşçylyk şunuň ýaly geleşiklere gözegçilik etmeýär we jogapkärçilik çekmeýär.

Serwisde hereket edýän kanunçylygy bozýan, umumy kabul edilen ahlak düzgünlerine garşy gelýän, dil ýetirýän ýa-da ýerliksiz, şonuň ýaly hem üçünji şahslaryň haklaryny bozýan çap etmeleri bar bolan Harytlar barada bildirişler gadagandyr. Şunuň barada siz doly Ulanyjy ylalaşygynda okap bilersiňiz.